Taryhyň ähli döwürlerinde Allatagala adamzada, ýagny bizeHudaýyň Aýan edenleri atlary bilen belli bolan, Ylahy Halypalary yzygiderli iberýär. Olaryň taglymatlary siwilizasiýanyň ösüşiniň esasyny düzýärler. Olar: Ybraýym, Krishna, Zoroastr, Musa, Budda, Isa we Muhammet Pygamberler. Döwri boýunça ol Resullaryň iň soňkysy bolan Hezreti Bahulla, bu dinleriň hemmesiniň bir çeşmeden gelip çykýandygyny hem-de aslynda Hudaýyň ýeke-täk Dininiň yzygiderli tapgyrlary bolup durýandygyny düşündirýär.

Ylahy dinler adamlaryň birleşmegine ýardam bermelidir hem-de söýgä we raýdaşlyga ýetmegiň serişdesi bolmalydyrlar; olar ählumumy parahatçylygy jar etmelidir, adamy ähli ters pikirlerden azat etmelidir, şatlyk we bagt getirmelidir, hemme adamlara hoş niýetli gatnaşygy terbiýelemelidir we  ähli agzalalyklaryň we birek-birekden çetleşmegiň soňuna çykmalydyr. Hezreti Bahaullanyň adamzat dünýäsine ýüzlenip aýdan sözlerine laýyklykda; “Eý adamlar! Siz – bir agajyň miweleri we bir şahanyň ýapraklarysyňyz”. Hezreti Abdul-Baha

TÜRKMENISTANYŇ BAHAI JEMAGATY

BAHAI JEMAGATY ŞU GÜN

Back to top button