BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

Halkara Bahai bileleşigine dünýäniň ähli ýurtlaryndaky Hezreti Bahaullanyň yzyna eýerijileriň jemagatlary degişlidir. Bu jemagatlar tarapyndan saýlanylýan dolandyryş edaralary şol ýurtlardaky bahailara wekilçilik edýärler. Bu bileleşik Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşinde we Halkara Çagalar Gazanasynda maslahat beriji statusy bilen hökümete degişli bolmadyk halkara gurama hökmünde akkreditirlenen hem-de BMG-nyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Bahai Dininiň maksady – adamzadyň birligini hem-de ählumumy parahatçylygy gazanmakdan ybaratdyr. Bahai Taglymatyna laýyklykda, ewolýusiýanyň dowamynda adamzat öz agzybirliginiň gerimini ilki bilen maşgalanyň, soňra tire-taýpanyň, şäher-döwletiň we milletiň çäginde häzirki güne çenli giňeldip gelýär.  Çünki, täze şertler mynasybetli dünýäniň agzybirligi we parahatçylygy elýeter, zerur, hat-da gutulgysyz bolup durýar.
Bahai Taglymatynda göz öňünde tutulan agzybirlik – köpdürlilikde jemlenendir: bu – özbaşdak bir bütewiligiň baýlygyny aňladýan, çäksiz köpdürlilikde birleşen dünýä federatiw ulgamydyr. Şeýle federasiýada milletara bäsdeşlik we pitneler bes ediler, jynsy duşmançylygyň we ters düşünjeleriň ýerini bolsa, dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk tutar. Dini jedelleriň sebäpleri hemişelik ýok ediler, dünýäniň ähli sebitleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk öser. Bir tarapdan garyplyk, beýleki tarapdan bolsa, ägirt uly emläk-baýlygynyň toplanmagy aradan aýrylar.
Bahailar öz işlerini ters düşünjeleriň ýok edilmegine, adamzat jemgyýetiniň ähli derejelerinde gapma-garşylyklaryň gowşadylmagyna we birek-birege düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ösmegine bagyş edýärler. Öz tagallalarynda olar Diniň Mukaddes Ýazgylaryndan paýhas we ylham tapyp, olardan ugur alýarlar. Bu Mukaddes Ýazgylarda şeýle parçalar  bar:

Eý ynsan balalary! Bilýärsiňizmi, sizi näme üçin bir gumdan ýaratdyk? Hiç kimiň özüni beýlekilerden beýik saýmazlygy üçin. Her dem ýaradylyşyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň. Biz siziň baryňyzy bir özenden ýaratdyk, şonuň üçin siz bir jan ýaly bolup, hemmaňiz deň ädim ätmeli, bir agyzdan iýmeli, bir watanda ýaşamaly, ýagny bütin durkuňyz, ähli işiňiz bilen siz ruhy birligi we el çekmekligiň esasyny görkezmelisiňiz. Eý nur jemagaty! Size öwüdim şudur. Bu öwüdimi pent edinen, şan-şöhratyň täsin daragtynyň mukaddes miwelerine eýe bolar.

Hezreti Bahaulla we Onuň Wesýeti   
Bahai Dini Alla tarapyndan, Onuň iki Dini Wekiline – Hezreti Baba we Bahaulla ynanylan beýik wezipeden başlanandyr. Bu gün Olaryň esaslandyran Dinine mahsus bolan agzybirlik, Hezreti Bahaulladan soň, Onuň özi tarapyndan berlen hem-de ýolbaşçylygyň dowamatyny üpjün edýän, anyk görkezmelerinden gelip çykýar. Wesýet diýip atlandyrylýan bu yzygiderlilik, Hezreti Bahaulladan onuň ogly Abdul-Baha, soňra Abdul-Bahadan Onuň agtygy Şogi Efendä we Bahaulla tarapyndan wesýet edilen Bütindünýä Adalat Öýüne geçýär. Bahailar Hezreti Babyň we Bahaullanyň, şeýle hem olaryň bellän mirasdüşerleriniň Dini ygtyýarlyklaryny ykrar edýärler.

Hezreti Bab (1819–1850)
XIX asyryň ortasynda, dünýä taryhynyň iň hyjuwly döwürleriniň birinde, bir ýaş täjir, adamzat durmuşyny özgertmek ýazgyt edilen taglymaty getirendigini jar edýär. Onuň Watany bolan Eýranda, ahlak taýdan umumy pese düşmek ýagdaýynda, Onuň aýan eden taglymaty müňlerçe tarapdarlary okgunly özüne çekip, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda tolgunma we umyt döretdi.

Hezreti Bahaulla (1817–1892)
Adamzat taryhynyň dowamynda beýik Dinler adamçylyk häsiýetlerini terbiýelemekde we bu Dinleriň yzyna eýerijilerinde şahsy tertip-düzgüni, wepalylygy, gahrymançylygy ýüze çykarmakda esasy hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýärdiler. Diniň köp sanly ahlak ýörelgeleri, özüňi alyp barmagyň tertibiniňwe ülňisiniň esasyny düzip, olar adamlaryň özara gatnaşyklarynyň beýgelmegine we adamzadyň köpçülikleýin durmuşyny öňe itermäge ýardam berdiler. 

Hezreti Abdul-Baha (1844–1921)
XX asyryň başynda Hezreti Bahaullanyň uly ogly Hezreti Abdul-Baha Bahai dinine baştutanlyk edip, durmuşy adalatlylygyň tarapdary we bütindünýä parahatçylygyň Ilçisi hökmünde meşhurlyk gazandy.

Şogi Effendi (1897–1957)
Öz Aýan eden Taglymatynyň öňünde goýlan maksadyna ýetmegini kepillendirmek üçin, – birleşen dünýäni döretmek, şeýle hem bahai jemagatynyň agzybirligini goramak üçin, Hezreti Bahaulla öz Uly ogly Hezreti Abdul-Bahany Wesýetiň Merkezi hökmünde belledi we Bütindünýä Adalat Öýüniň esaslandyrylmagyny buýurdy. Öz gezeginde, Hezreti Abdul-Baha Bütindünýä Adalat Öýüniň işiniň ýörelgelerini kesgitledi hem-de özünden soňra, bahailaryň Onuň uly agtygy Şogi Effendä ýüzlenmelidiklerini buýrup, ony Bahai Dininiň Goraýjysy diýip atlandyrdy.

Bütindünýä Adalat Öýi (1963-nji ýylda esaslandyryldy)
Bütindünýä Adalat Öýi – Bahai Dininiň halkara dolandyryş geňeşidir. Hezreti Bahaulla bu institutyň döredilmegini Özüniň Kitab-y-Agdas atly kanunlar kitabynda buýurdy. Bütindünýä Adalat Öýi – bu bahailaryň ähli milli ruhany ýygnaklarynyň agzalary tarapyndan her bäş ýyldan saýlanylýan dokuz adamdan ybarat edaradyr. Hezreti Bahaulla Bütindünýä Adalat Öýüne adamzadyň bagtly ýaşaýyşyna pozitiw goşant goşmak, bilime, parahatçylyga we hemme taraplaýyn gülläp ösüşe ýardam bermek we adamyň mertebesini hem-de diniň derejesini gorap saklamak üçin ylahy güýjini berdi. Oňa Bahai Taglymatyny üznüksiz özgerýän jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda ulanmak jogapkärçiligi tabşyryldy. Şeýlelik-de, bu edara Bahai Dininiň Mukaddes Ýazgylarynda takyk aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler boýunça kanunlary kabul etmek ygtyýarlygyna eýedir.

Bitewi adamzat maşgalasy

Biziň hemmämiziň bir umumy adamzat maşgalasyna degişlidigimiz baradaky düşünje Bahai dininiň özenidir. Adamzadyň bir bitewidigi baradaky ýörelge – bu “töwereginde Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň ýörelgeleri jemlenen merkezdir…”  (çeşme?)

Hezreti Bahaulla adamlaryň dünýäsini adamyň bedeni bilen deňeşdirýär. Bu bedende görnüşi we ýerine ýetirýän wezipesi boýunça dürli-dürli bolan millionlarça öýjükleriň her biri sagdyn ulgamy saklamakda öz işini ýerine ýetirýärler. Bedeniň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän ýörelge – hyzmatdaşlykdyr. Bediniň dürli bölekleri zerur bolan serişdeler ugrunda bäsleşmän, eýsem öýjükleriň her biri başdan-aýak bermekden we almakdan ybarat bolan üznüksiz prosese gatnaşýarlar.

Adamzadyň agzybirligini ykrar etmek üçin, ters düşünjeleri ýagny, teniň reňki, dini we jynsy tapawutlyklar bilen bagly bolan pikirleri dolulygyna aradan aýyrmak zerurdyr.

“Adamzat üçin esasy bolup durýan hakyky doganlyk gatnaşyklary gazanmak mümkindir; çünki, ähli – adamlar ýeke täk Allanyň bendeleri we olaryň ählisi  bir diniň keramatynyň goragynda bolup, bir maşgala degişlidirler”. –  Hezreti Abdul-Baha

Aýallar we erkekler deň hukuklydyrlar.

“Aýallar we erkekler Allanyň nazarynda elmydama deňdiler we deň bolarlar”, – diýip, Hezreti Bahaulla sargaýar. Ähli gatnaşyklar babatda aýallaryň we erkekleriň arasynda deň hukuklylygy gazanmak – bir bütewi dünýäni gurmagyň wajyp şertleriniň biridir. Jynsy meseler bilen bagly bolan ters düşünjeler aýallar babatda adalatsyzlygyň müdimileşmegine getirýär we erkeklerde bolan zyýanly endikleriň we adatlaryň ilki maşgalada döräp, soňra hünär işinde, ykdysady hem-de syýasy durmuşda we netijede halkara gatnaşyklarda ornaşmagyna getirýär. Deň hukuklylygyň şeýle derejede inkär edilmeginiň özüniň düýp manysynda hiç hili ahlak, tejribe ýa-da biologiki esasy ýokdur.

 “Adamzat dünýäsi iki sany ganatda gaýýar: bir ganaty- aýallar, beýleki ganaty – erkekler, diýip Hezreti Abdul-Baha belläp geçýär. – Eger-de, ganatlaryň ikisi hem deň derejede güýçli bolmasa, guş uçup bilmez”.

Ählumumy bilim

Öz Taglymatynda Hezreti Bahaullanyň aýratyn belläp geçýän ýörelgeleriniň biri – bu ählumumy bilimdir.  Bilimiň ösmegi biziň döwrümiziň iň bir gaýragoýulmasyz talaby bolup durýar. Bilimi özüniň esasy aladasyna öwürmese, milletleriň hiç biri maddy gülläp ösüşi gazanyp bilmez. Adamlaryň pese düşmeginiň esasy sebäbi, olaryň nadanlygyndadyr. Bilim döwlete we onuň adamlaryna sylag-hormaty, maddy-hal ýagdaýyň gowulanmagyny, garaşsyzlygy we erkinligi berýär. Bilimiň maksady – adamyň jemgyýetiň özgermegine goşant goşmagy üçin, onuň  ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.

“Adama gymmat bahaly daşlaryň gory hökmünde garaň. Diňe bilim bu hazynalary ýüze çykaryp biler we olary adamzadyň haýryna peýdalanmaga gönükdirip biler” (Hezreti Bahaullanyň Ýazgylary, Lauh-i-Maksud)

Ylmyň we diniň ylalaşygy

“Hakyky din bilen ylmyň arasynda gapma-garşylyk bolup bilmez. Eger din ylmyň garşysyna goýlan halatynda, ol ters düşünjä öwrülýär, çünki, bilime gapma-garşylyk – munuň özi nadanlykdyr… Eger adam diňe diniň ganatyna daýanyp uçmaga meýil edeninde, ol gysga wagtda ters düşünjeleriň batgalygyna baryp düşer; edil şonuň ýaly, eger ol diňe ylmyň ganatynda uçsa, onda ol öňe gitmän,  materializmiň tümlügine baryp düşer”. Hezreti Abdul-Baha

Bahai dininiň baş ýörelgesine laýyklykda, hakykatyň ýeke-täk bolandygy üçin, ylmy nukdaý nazardan edilen haýsydyr bir pikiriň hakykat bolup, dini nukdaý nazardan alanyňda bolsa, ol pikir nädogry bolup bilmez. Şeýle hem – tersine bolup bilmez. Ol ýa hakykatdyr  ýa-da ýalandyr.  Ylym we din hakykata  göz ýetirmegiň iki ýoly bolup durýar. Ylmy faktlar – bu Alladan peşgeş berlen äňyň kömegi bilen adam tarapyndan aýan edilen hakykat. Ylmy gözlegiň mümkinçilikleriniň çäginden daşary bolan ruhy hakykat  we Ylahy kanunlar barada  bize zerur bolan bilim Allanyň Resullarynyň Taglymaty bilen, Aýanlyklar tarapyndan bize gönüden-göni iberilýär. Aňyň gazananlaryny inkär edýän din ters düşünjä öwrülýär. Ýöne ylmy gözýetim hem, eger ol hakykatyň aýrylmaz bölegi bolan Allanyň barlygyny inkär etse, ol kabul ederliksizdir.

Show More
Back to top button