DINIŇ ASYL MAKSADY

Taryhyň ähli döwürlerinde Allatagala adamzada, ýagny bizeHudaýyň Aýan edenleri atlary bilen belli bolan, Ylahy Halypalary yzygiderli iberýär. Olaryň taglymatlary siwilizasiýanyň ösüşiniň esasyny düzýärler. Olar: Ybraýym, Krishna, Zoroastr, Musa, Budda, Isa we Muhammet Pygamberler. Döwri boýunça ol Resullaryň iň soňkysy bolan Hezreti Bahulla, bu dinleriň hemmesiniň bir çeşmeden gelip çykýandygyny hem-de aslynda Hudaýyň ýeke-täk Dininiň yzygiderli tapgyrlary bolup durýandygyny düşündirýär.

Bahailar, geljekki jemgyýet, hem-de durmuşyň tebigaty we maksady babatda bir bütewi garaýyşy gazanmagyň juda zerurdygyna ynanýarlar. Şeýle garaýyş Hezreti Bahaullanyň ýazgylarynda aýan edilýär.

Hudaý adamlara öz Resullaryny iki niýet bilen iberýär. Birinjiden– adamzat perzentlerini nadanlygyň tümlüginden azat etmek hem-de olary hakyky akyl ýetirişiň  ýagtylygyna gönükdirmek. Ikinjiden bolsa, adamzat üçin parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge we dikeltmäge ähli serişdeleri bermek . – Hezreti Bahaulla

 

Allanyň kanunlaryna we parzlaryna şular degişlidir: dünýäniň ösüşi, milletleriň kämilleşmegi, halklaryň asudalygy we ýer-ýüzüniň ähli ýaşaýjylarynyň parahatçylygy. Din adama peşgeşleriň iň gymmatlysyny berýär, gülläp ösüş käsesinden eçilýär, baky ömri sowgat berýär we adamzada ebedi keremini saçýar.  – Hezreti Bahaulla.

 

Bu Gün Hudaýa we Onuň Dinine bolan Ynamyň özeni – ýer ýüzüniň dürli jemgyýetleriniň we köpsanly dini taglymatlarynyň  adamlaryň arasynda, hat-da sähelçe-de duşmançylyk duýgularynyň döremegine sebäp bolmazlygyndan ybaratdyr.  – Hezreti Bahaulla.

 

“Goý, siziň gözýetimiňiz bütin dünýäni gurşap alsyn…” – Hezreti Bahaulla

Show More
Back to top button