Hezreti Bahaulla we onuň wesýeti

“Bu mukaddes Aýanlyklar, misli dünýäde bahar paslynyň gelmegine meňzeýärdiler… Çünki, her gelen bahar pasly täze döretmäniň wagtydyr…”

Bahai Dini Alla tarapyndan, Onuň iki Dini Wekiline – Hezreti Baba we Bahaulla ynanylan beýik wezipeden başlanandyr. Bu gün Olaryň esaslandyran Dinine mahsus bolan agzybirlik, Hezreti Bahaulladan soň, Onuň özi tarapyndan berlen hem-de ýolbaşçylygyň dowamatyny üpjün edýän, anyk görkezmelerinden gelip çykýar. Wesýet diýip atlandyrylýan bu yzygiderlilik, Hezreti Bahaulladan onuň ogly Abdul-Baha, soňra Abdul-Bahadan Onuň agtygy Şogi Efendä we Bahaulla tarapyndan wesýet edilen Bütindünýä Adalat Öýüne geçýär. Bahailar Hezreti Babyň we Bahaullanyň, şeýle hem olaryň bellän mirasdüşerleriniň Dini ygtyýarlyklaryny ykrar edýärler.

Show More
Back to top button