JEMAGATYŇ GURLUŞY

Bahai Taglymatynda  şahsy we jemgyýetçilik taýdan özgermek esasy orny eýeleýär. Bahailar öz dostlary we goňşulary bilen Hezreti Bahaullanyň Taglymatyny bilelikde öwrenmek bilen, jemgyýeti kämilleşdirmek üçin bilimlerini, ruhy nukdaýnazarlaryny we başarnyklaryny ösdürmäge çalyşýarlar. Bu okuwlar adamlaryň pikirlerine we ynançlaryna garamazdan hemmeler üçin açykdyr. Gatnaşyjylar dürli ruhy temalara degişli düşünjeleri ara alyp maslahatlaşýarlar hem-de her bir adamyň, jemagatyň we jemgyýetiň derejesinde, öz gündelik durmuşynda olary ulanmagyň mümkinçiligine garaýarlar. Şeýlelik-de, olar agzybirligi we sazlaşygy gurmak maksady bilen öz goňşylaryndan we jemagatlaryndan başlap, jemgyýete gulluk etmäge girişýärler. Netijede, olar durmuşyň maksadyna we manysyna täzeçe düşünýärler, maşgalalarynda we dostlarynyň arasyndaky gatnaşygyň gowulanýandygyny duýýarlar we her biriniň jemgyýete goşup biljek goşandyna düýpli aň ýetirýärler.

Çagalaryň we ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek

 Çagalyk we ýetginjeklik döwri – bu, adamyň ömründe aýratyn bir döwür. Bu döwürde onuň ahlak häsiýetiniň esaslary kemala gelýär. Bahailaryň ynanmagyna görä, ýaşlaryň ruhy-ahlak ukyplary olaryň  bagtynyň we abadançylygynyň esasy bolup, jemgyýetiň durmuş taýdan özgermeginiň çeşmesidir. Şonuň üçin, bilimiň maksady, bu – çagalarda we ýaşlarda zehinleri we ukyplary ösdürip ýetişdirmek hem-de olarda hakyky hyzmatdaşlygy we sosial jogapkärçiligi kämilleşdirmäge ýardam bermekdir.

Çagalaryň we ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan bilimi, olarda Allatagala we dünýäniň ähli beýik dinlerini Esaslandyryjylara bolan söýgini ruhlandyrmaga, şeýle hem ýaşaýşyň maddy, intellektual we ruhy ugurlarynda çagalaryň kämillige ýetmegi üçin ahlak baýlyklarynyň  berk ulgamyny esaslandyrmaga gönükdirilendir. Gymmatlyklaryň şeýle ulgamy beýleki adamlar, maşgalalar we edaralar bilen bilelikde iş alyp barmak arkaly jemgyýetiň öňe gitmegine goşant goşmak üçin zerurdyr.

Bahailaryň bilim maksatnamalary dürli ýaşdaky toparlar – çagalar, ýetginjekler we ýaşlar üçin işlenip taýýarlanýar we geçirilýär.  Bu okuwlar ähli çagalar we ýaşlar üçin açykdyr we köplenç maşgalalar bilen bilelikde geçirilýär.

Show More
Back to top button