JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

MADDY WE RUHY SIWILIZASIÝANYŇ ÖŇE GITMEGI UGRUNDA BEÝLEKILER BILEN BILELIKDE IŞ ALYP BARMAK

Bahaulla Öz tarapdarlaryna şeýle sargyt etdi: “Ýaşaýan asyryňyzda bu asyryň hajatlary barada tüýs ýürekden  alada ediň, goý, bu asyryň talaplary we islegleri siziň pikir alyşmalaryňyzyň esasy mazmuny bolsun.”

Adamzadyň ösüşi iki nukdaýnazardan ybarat– maddy we ruhy. Bahailar ruhy-ahlak çygyrdaky işlerden başga-da, ilatyň dürli toparlarynyň durmuşy we ykdysady ösüşine ýardam berýän işlere hem gatnaşýarlar. Gerimine we möçberine garamazdan, durmuşy  maksatly işleriň ählisi Bahai Dininiň ýörelgelerini ulanyp, ilatyň haýsydyr-bir durmuşy we ykdysady ugruny gowulandyrmaga hat-da  bu ösüş ujypsyz hem bolsa, ony ösdürmäge gönükdirilendirler.

Bahai jemgyýeti Diniň ýörelgelerini adamzadyň wajyp talaplaryny çözmek üçin ulanmakda öz ukyplaryny  ösdürip, adamzat jemgyýetini, kämilleşdirmek üçin zähmet çekýän  başga adamlar bilen pikir alyşmalara goşulmak boýunça tagallalaryny birleşdirýärler. Häzirki döwürde adamlaryň köp bölegi agzybirligi gazanmak üçin ymtylýarlar we parahatçylygyň dikeldilmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Şeýle adamlardan görelde alyp, Bahaullanyň Taglymatyny ulanmak tejribesini olara teklip etmek üçin, bahailar ähli derejelerde – ýerli çäklerden başlap, halkara derejelere çenli – adamzadyň öňünde duran esasy meseleler babatda alada edýän adamlar bilen pikir alyşmalara gatnaşýarlar. Şeýlelikde, Bahai jemgyýetiniň alyp barýan köp sanly işleriniň ýene bir görnüşi bu jemgyýetiň esasy pikir alyşmalaryna (diskurslaryna) gatnaşmakdan ybarat bolup durýar.

Show More
Back to top button