TAGLYMATYŇ KÄBIR ÝÖRELGELERI

Bitewi adamzat maşgalasy

Biziň hemmämiziň bir umumy adamzat maşgalasyna degişlidigimiz baradaky düşünje Bahai dininiň özenidir. Adamzadyň bir bitewidigi baradaky ýörelge – bu “töwereginde Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň ýörelgeleri jemlenen merkezdir…”  (çeşme?)

Hezreti Bahaulla adamlaryň dünýäsini adamyň bedeni bilen deňeşdirýär. Bu bedende görnüşi we ýerine ýetirýän wezipesi boýunça dürli-dürli bolan millionlarça öýjükleriň her biri sagdyn ulgamy saklamakda öz işini ýerine ýetirýärler. Bedeniň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän ýörelge – hyzmatdaşlykdyr. Bediniň dürli bölekleri zerur bolan serişdeler ugrunda bäsleşmän, eýsem öýjükleriň her biri başdan-aýak bermekden we almakdan ybarat bolan üznüksiz prosese gatnaşýarlar.

Adamzadyň agzybirligini ykrar etmek üçin, ters düşünjeleri ýagny, teniň reňki, dini we jynsy tapawutlyklar bilen bagly bolan pikirleri dolulygyna aradan aýyrmak zerurdyr.

 “Adamzat üçin esasy bolup durýan hakyky doganlyk gatnaşyklary gazanmak mümkindir; çünki, ähli – adamlar ýeke täk Allanyň bendeleri we olaryň ählisi  bir diniň keramatynyň goragynda bolup, bir maşgala degişlidirler”. –  Hezreti Abdul-Baha

Aýallar we erkekler deň hukuklydyrlar.

“Aýallar we erkekler Allanyň nazarynda elmydama deňdiler we deň bolarlar”, – diýip, Hezreti Bahaulla sargaýar.

Ähli gatnaşyklar babatda aýallaryň we erkekleriň arasynda deň hukuklylygy gazanmak – bir bütewi dünýäni gurmagyň wajyp şertleriniň biridir. Jynsy meseler bilen bagly bolan ters düşünjeler aýallar babatda adalatsyzlygyň müdimileşmegine getirýär we erkeklerde bolan zyýanly endikleriň we adatlaryň ilki maşgalada döräp, soňra hünär işinde, ykdysady hem-de syýasy durmuşda we netijede halkara gatnaşyklarda ornaşmagyna getirýär. Deň hukuklylygyň şeýle derejede inkär edilmeginiň özüniň düýp manysynda hiç hili ahlak, tejribe ýa-da biologiki esasy ýokdur.

“Adamzat dünýäsi iki sany ganatda gaýýar: bir ganaty- aýallar, beýleki ganaty – erkekler, diýip Hezreti Abdul-Baha belläp geçýär. – Eger-de, ganatlaryň ikisi hem deň derejede güýçli bolmasa, guş uçup bilmez”.

Ählumumy bilim

Öz Taglymatynda Hezreti Bahaullanyň aýratyn belläp geçýän ýörelgeleriniň biri – bu ählumumy bilimdir.  Bilimiň ösmegi biziň döwrümiziň iň bir gaýragoýulmasyz talaby bolup durýar. Bilimi özüniň esasy aladasyna öwürmese, milletleriň hiç biri maddy gülläp ösüşi gazanyp bilmez. Adamlaryň pese düşmeginiň esasy sebäbi, olaryň nadanlygyndadyr. Bilim döwlete we onuň adamlaryna sylag-hormaty, maddy-hal ýagdaýyň gowulanmagyny, garaşsyzlygy we erkinligi berýär. Bilimiň maksady – adamyň jemgyýetiň özgermegine goşant goşmagy üçin, onuň  ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.

“Adama gymmat bahaly daşlaryň gory hökmünde garaň. Diňe bilim bu hazynalary ýüze çykaryp biler we olary adamzadyň haýryna peýdalanmaga gönükdirip biler” (Hezreti Bahaullanyň Ýazgylary, Lauh-i-Maksud)

Ylmyň we diniň ylalaşygy

“Hakyky din bilen ylmyň arasynda gapma-garşylyk bolup bilmez. Eger din ylmyň garşysyna goýlan halatynda, ol ters düşünjä öwrülýär, çünki, bilime gapma-garşylyk – munuň özi nadanlykdyr… Eger adam diňe diniň ganatyna daýanyp uçmaga meýil edeninde, ol gysga wagtda ters düşünjeleriň batgalygyna baryp düşer; edil şonuň ýaly, eger ol diňe ylmyň ganatynda uçsa, onda ol öňe gitmän,  materializmiň tümlügine baryp düşer”. – Hezreti Abdul-Baha

Bahai dininiň baş ýörelgesine laýyklykda, hakykatyň ýeke-täk bolandygy üçin, ylmy nukdaý nazardan edilen haýsydyr bir pikiriň hakykat bolup, dini nukdaý nazardan alanyňda bolsa, ol pikir nädogry bolup bilmez. Şeýle hem – tersine bolup bilmez. Ol ýa hakykatdyr  ýa-da ýalandyr.  Ylym we din hakykata  göz ýetirmegiň iki ýoly bolup durýar. Ylmy faktlar – bu Alladan peşgeş berlen äňyň kömegi bilen adam tarapyndan aýan edilen hakykat. Ylmy gözlegiň mümkinçilikleriniň çäginden daşary bolan ruhy hakykat  we Ylahy kanunlar barada  bize zerur bolan bilim Allanyň Resullarynyň Taglymaty bilen, Aýanlyklar tarapyndan bize gönüden-göni iberilýär. Aňyň gazananlaryny inkär edýän din ters düşünjä öwrülýär. Ýöne ylmy gözýetim hem, eger ol hakykatyň aýrylmaz bölegi bolan Allanyň barlygyny inkär etse, ol kabul ederliksizdir.

Show More
Back to top button