TAGZYM ETMEGIŇ WE GULLUK ETMEGIŇ BITEWILIGI

Аslynda, tagzym etmek, doga bilen baglanşyklydyr. Bahai ýazgylarynda doganyň dürli aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Häzirki ajaýyp döwüriň Iki Resuly – Hezreti Bahaullanyň we Hezreti Babyň öwredişi ýaly, doga munuň özi, ruhyň öz Ýaradyjysy bilen gönümel we töwellaçysyz bolan wajyp, ruhy gürrüňdeşligidir. Bu ruhyň ýaşaýşyny goldaýan ruhy iýmitdir. Ruh doganyň ganatlarynda  Allanyň arşyna göterilýär we ylahy hakykata golaýlaşýar. Ruhyň çäksiz ukyplarynyň ösmegi doganyň aýratynlygyna baglydyr. Haçanda, doganyň ýaşyryn güýçleri hiç bir gorkusyz ýa-da tarapgöýsiz, şeýle hem ters düşünjelerden we ikiýüzlülikden azat bolan Alla tarap gönükdirilen söýgi doga okamaga meýil dörende, doganyň ýaşyryn güýçleri açylyp ýüze çykýar. Pikir ediş ukybynyň doganyň täsiri bilen ýagtylanmagy üçin, ony açyk we arassa ýürek bilen okamaly. Onuň lezzetli heňleri begendirmeli we kalplary götermeli hem-de Allanyň ruhlandyryjy Sözini beýgeldip, zemin höwesleriniň arş häsiýetlerine öwürmeli we adamzada jan aýaman gulluk etmäge ylham bermeli.

Doga – her bir şahsyň,  jemagatyň ýa-da institutyň derejesinde bahai durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bahailar güniň dowamynda birnäçe gezek öz dogalarynda kalplary bilen Alla ýüzlenip, Ondan kömek dileýärler, özleriniň eziz adamlaryny goramagyny soraýarlar, ähli adamzat üçin dileg edýärler, Allany taryplap, Oňa  alkyş aýdýarlar hem-de Ylahy goldawy we ýolbaşçylygy dileýärler. Mundan başga-da, maslahatlara bagyşlanan ýygnanyşyklar we dostlaryň bilelikde başyny başlaýan islendik taslamalara bagyşlanan duşuşyklary adatça dogalar bilen başlanýar we tamamlanýar.

Şeýle hem, bahailar öz dostlary bilen duşuşyklary geçirip , jebislikde doga okamaga jemlenýärler.

Şunuň ýaly doga duşuşyklary oňa gatnaşyjylarda ruhy taýdan duýgurlygyoýarmaga ýardam berýär. Şeýle hem, olaryň edil gulluk etmek bilen bagly alyp barýan işleri ýaly, ruhy we maddy taýdan gülläp ösmeklige gönükdirilen we tagzym etmek ruhynda ýaşaýan jemagatyň durmuşynyň nusgasyny döretmäge ýardam berýär.

Ol ýerde, Allanyň zikri we senasy asmana göterilýän, mekan hem öý, orun hem şäher, köňül hem dag, penagä hem gowak, çöl hem toprak, deňiz hem ada we jülge, bary bagtyýardyr. — Hezreti Bahaulla

Gulluk etmek

Tagzym etmek, adamyň içki dünýäsi üçin möhüm bolup, ruhy ösüş üçin bolsa,  juda derwaýysdyr. Şonuň bilen birlikde, tagzym etmeklik şu içki özgerişi şöhlelendirýän hereketlerde aýan edilmäge eltmelidir.

Tagzym etmekligiň we gulluk etmekligiň aýrylmazlygy – bu, hut Hezreti Bahaullanyň ýazgyt eden Maşrygül-Azkar (“Allanyň tarypynyň dogýan ýeri” – diýlip terjime edilýär) institutynda jemlenip,   bahailaryň jemagatdaky durmuşynyň baş ýörelgesidir. Bu gurluş, geografik çäkde  tagzym etmegi özünde  jemleýän merkezi binadan hem-de bilim bermek, saglygy goramak we jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi bilen bagly beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen kömekçi edaralardan ybaratdyr.

Show More
Back to top button